Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşleriň başynda bolsa zähmetsöýer halkymyzyň çeken halal zähmeti durýar. Şolaryň arasynda pileçileriň aýratyn uly orny bar. Ýüpekçilik diňe bir ene-mamalarymyzyň hünärine bolan hormaty görkezmän, eýsem bu işi durmuşymyzyň, ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi hökmünde görkezýär.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri ýüpekçiligiň inçe syrlaryny bilýärdi. Türkmen topragynda ýetişdirilýän ýüpek gurçuklaryndan alynýan pile diňe bir ýerli bazarlarda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa, türkmen pileçiliginiň dünýä derejesindäki ýeten sepgidini görkezýär.
Pile öndürmek diňe bir däp-dessura eýermegiň mysaly bolman, eýsem ykdysady taýdan girdejili kärdir. Her ýyl ýurdumyzda pile öndürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk işgärleri, esasan-da zenanlar bu ugurda uly iş başarýarlar. Döwlet tarapyndan berilýän tohumlar, goldaw çäreleri we bazar mümkinçilikleri pileçileriň işini ýeňilleşdirýär we höweslendirýär.
Pileçilik bilen meşgullanýan zenanlar diňe bir ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşman, eýsem ruhy gymmatlyklarymyzy hem dowam etdirýärler. Olar öý şertlerinde ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirýärler, öz el zähmeti bilen pile öndürýärler. Bu işde çydamlylyk, ünsli we halal zähmet iň möhüm şertdir. Pile öndürmek arkaly zenanlar milli mirasymyzyň ýaş nesillere geçirilmegine hem uly goldaw berýärler.
Türkmenistanda pileçileriň zähmetine ýokary baha berilýär. Her ýylda pile tabşyran zähmetkeşler döwlet derejesinde sylaglanýar. Şeýle hem pile öndürijiler üçin amatly şertler döredilýär: degişli enjamlaryň we serişdeleriň üpjün edilmegi, tohumlaryň berilmegi, taýýarlanan pileleriň bellenen nyrhlar bilen kabul edilmegi ýaly işler höweslendiriji täsir edýär.
Bu günki gün pileçilik türkmen zenanlarynyň zähmetiniň beýany bolup, ýurdumyzda ykdysady ösüşe, iş orunlarynyň döremegine we milli mirasynyň dowam etdirilmegine hyzmat edýär. Döwletimiziň taýsyz goldawy bilen pileçilik has-da rowaçlanýar.
Maýa BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler