Nebitgaz pudagynda emeli aňyň ornuny maslahatlaşdylar

Emeli aň häzirki döwürde köp ugurlarda, şol sanda tehnologiki özgerişleriň öň hatarynda duran nebitgaz pudagynda-da uly täsirli güýç hökmünde çykyş edýär. Bu pikirler çarşenbe güni Kuala-Lumpurda dowam edýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025) çäklerinde geçirilen “tegelek stol” maslahatynda orta atyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahat “Emeli aň arkaly uglewodorod serişdelerini çykarmagyň geljegi: nebitgaz känleriniň mümkinçiliklerini açmak” mowzugy bilen geçirildi. Oňa “Petronas”, “Upstream”, “Ad Terra” ýaly kompaniýalaryň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de Nebitçi inženerleriň jemgyýetiniň (SPE) Aşgabat bölüminiň wekilleri gatnaşdy.

Forumda çykyş edenler emeli aňyň mümkinçilikleriniň önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga, eksport bilen bagly çykdajylary azaltmaga we öň elýeterli bolmadyk energiýa çeşmelerine ýol açýandygyny nygtadylar. Emeli aň arkaly ýataklaryň modellerini döretmek, maglumatlara esaslanyp netijeler çykarmak we uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça mümkinçilikler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, durnukly energetika ulgamynyň kemala gelmeginde emeli aňyň orny aýratyn bellenildi.

Nebitçi inženerleriň jemgyýeti bilen Malaýziýanyň Nebitgaz hyzmatlary geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi, energetika pudagynda innowasiýalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny görkezdi.

TEIF 2025 halkara forumy 24-nji aprele çenli Malaýziýanyň paýtagtynda dowam eder.

Aýgül HAÝYTOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok