Türkmenistanyň oba hojalygynda ýylyň her möwsümi aýratyn ähmiýete eýedir. Baharyň başynda başlanylýan gowaça ekişi bolsa bu işleriň iň möhüm tapgyrlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda gowaça ekişi möhüm we jogapkärli tapgyrlarynyň birine – tamamlaýjy basgançagyna gadam basdy. Munuň özi geljekki bol hasylyň bähbitli we ýokary derejede bolmagynyň başlangyjydyr.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da Lebap, Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda gowaça ekip ýetişdirmek işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Daýhan birleşikleriniň agzalary, hususy kärendeçiler we beýleki oba hojalyk işgärleri gowaça tohumlaryny öz wagtynda, agrotehniki talaplara laýyklykda ekmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.
Bu ýyl hem ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda gowaça meýdanlarynda işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde ekişiň esasy bölegi bellenilen seneden öň tamamlandy. Häzirki günlerde bolsa daýhanlar ekişiň soňky tapgyrlaryny çalt we ýokary hilli tamamlap, geljekki hasylyň binýadyny berk tutýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda oba hojalyk pudagynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda daýhanlara ýokary hilli tohum, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we mineral dökünler bilen üpjünçilik işi talabalaýyk ýola goýuldy. Şeýle hem suwarmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy gowaça meýdanlarynda netijeliligi artdyrýar.
Gowaça ekişi diňe bir tohumy ýere atmak bilen tamamlanmaýar. Onuň netijeli bolmagy üçin agrotehniki düzgünleriň doly berjaý edilmegi möhümdir. Şeýle şertlerde geçirilýän ekişiň ýokary hilli bolmagyna, geljekde bol hasylyň alynmagyna uly ýol açylýar. Şeýle hem degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda meýdanlaryň ýagdaýy yzygiderli seljerilýär, ýerleriň toprak gurluşy we howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekişiň geçirilişi sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Ekiş möwsüminiň üstünlikli geçmegi geljekde bol hasylyň alamatydyr. Gowaça diňe bir ýurt ykdysadyýetine girdeji getirmeýär, eýsem-de dokma senagaty ýaly beýleki pudaklaryňda ösüşine uly täsir edýär. Şonuň üçin hem gowaça ekişi diňe bir daýhanlaryň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň abadançylygynyň, ösüşiniň möhüm bölegi hasaplanylýar.
Sahyp HANGELDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler