Aşgabat – Moskwa we Aşgabat – Kazan uçar gatnawlary dikeldilýär!

Mälim bolşy ýaly, birnäçe wagt mundan ozal “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat hem-de Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary belli wagt aralygynda ýatyrylypdy. Şol gatnawlar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan gaýtadan dikeldilýär. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda şeýle diýilýär:

HORMATLY ÝOLAGÇYLAR!

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdalar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi we awiabiletleri awiakassalarynda satyn alyp boljakdygy barada Size habar berýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok