Toprak we zähmet barada

Ynsanyň ene topragyna, medeniýetine, dogduk obasyna, ene diline bolan söýgüsi ownuk zatlardan başlanýar. Bu söýgi ýuwaş-ýuwaşdan giňelip, bir ýurda, onuň taryhyna, geçmişine we şu gününe, soňra bolsa tutuş adamzada, adamzat medeniýetine bolan uly söýgä öwrülýär.

D.Lihaçýow

Ene çagalaryna mähirli, ýer – ähli ynsanlara mähirli.
Ýeri ene ýaly söýýän hiç wagt aç bolmaz.

Polemon

Adam bagdyr, zähmet – bagban.

Türkmen nakyly

Ene toprak öz gözelligi, arassa asmany, ýakymly howasy üçin däl-de, özüne çekiji ýatlamalary üçin hem diýseň ezizdir.

N.Karamzin.

Ussat bolmasa, ýer doly ýetimdir.

G.Elitskiý

Topragyň taryhy adamyň gurşawyny ruhy taýdan ýokary derejä getirýär, onsuz adam manyly bolup bilmez.

D.Lihaçýow

Gymmat bahaly harytlar ýerden önýär.

A.Awgustin

Dökün ýer üçin, süle at üçin peýdaly.
Zehiniňi zähmet bilen ýiteltmeseň, ol kütelmek bilendir.

Gyrgyz nakyly

Biziň her birimiziň dogup-dörän, önüp-ösen Watanymyz, obamyz ýa-da şäherimiz babatda aýratyn duýgularymyz bar. Bu ata-babalarymyzyň ene topragy, ata ýurdy gorap saklamagy bize pent edip giden mirasydyr.

D.Kopylow

Daýhan gury ýerde, balykçy bolsa – suwda.

Konfusiý

Ýere bergiňizi üzüň, bu size peýdaly bolar.

W.Miçalskiý

Zähmet adamy kämillige, ýaşaýşy bolsa gözellige ýetirýär.

Türkmen nakyly

Ene topraga, ata Watana bolan söýgi maşgala ojagynda dünýä inýär.

Türkmen nakyly

Ýersiz daýhan köksüz agaç ýalydyr.
Toprak beren zadyňy üç esse edip yzyna gaýtaryp berýär.

D.Çuýako

Gowy toprakda biten tiken – bugdaý, erbet toprakda bugdaý – tiken bolar.

Kömelegi ýerden egilmän alyp bilmersiňiz.

T.Koti

Är – zähmeti bilen, bedew at – ýyndamlygy bilen, gylyç – kesgirligi bilen tanalýar.

Gazak nakyly

Ot, suw ýa-da ýel bilen dost bolmaň, ýer bilen dost boluň.
Her bir ýer gowy bolup biler, ýöne öz topragyň iň gowusydyr.

L.Bolşakow

Hatda gurbaganyň hem öz batgasynda (topragynda) göwni çagdyr.

F.Miletskiý

Ene topragy bolmadyk adam, saýramaýan bilbil ýalydyr.

Aristotel

Öz topragyňda hatda daşlar hem tanyş.

Z.Eleýskiý

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok