Malaziýada halkara maýa goýum forumy geçirilýär

2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu forumyň baş maksady – ýurdumyzda maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje bermek, ykdysadyýetiň ösýän ugurlaryny nazara alyp hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak hem-de daşary ýurtly maýadarlary, kompaniýalary, guramalary we maliýe düzümlerini hyzmatdaşlyga çekmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu çäre ýurdumyzyň halkara işewürlik abraýyny berkitmek ugrunda ähmiýetli ädimleriň biri bolar.


Forumda öňdebaryjy halkara korporasiýalaryň, iri sebit we dünýä guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, maslahat beriş we reýting agentlikleriniň wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň wekilleri bu foruma gatnaşmak islegini bildiripdirler. Bu hem öz gezeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmasynyň görkezijisi hökmünde çykyş edýär. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, eýýäm başlanan hem-de meýilleşdirilýän möhüm taslamalar bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de forum, innowasion teklipleriň hödürlenmegi hem-de maýa goýum ugrunda ileri tutulýan pudaklaryň kesgitlenmegi üçin mümkinçilik döreder.

Türkmenistan geografik we ykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasaty netijesinde dünýäniň energetika bazarynda möhüm orna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, forumyň esasy temalarynyň biri hökmünde “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny” meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna bagyşlanan çykyşlar bilen forumyň umumy ruhy jemlener. Şeýlelikde, Kuala-Lumpurda geçiriljek bu forum Türkmenistanyň maýa goýum ulgamynda täze ösüş derejesine çykanlygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Ol daşary ýurtly maýadarlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, iri halkara taslamalara gatnaşygy üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem forum gatnaşyjylara gurluşyk, energetika, nebitgaz, maliýe-bank, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ýaly ugurlarda täze taslamalary bilen tanyşmaga, öz tehnologiýalaryny we ylmy işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge mümkinçilik berer.

Leýli ATABALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok