“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäresi geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginde Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Çäräniň esasy maksady ekologiýa medeniýetini ösdürmek hem-de jemgyýetde tebigaty goramak baradaky düşünjäni ýokarlandyrmak boldy. Çäräniň dowamynda haýwanat dünýäsine degişli gäplerden ybarat sergi guraldy, ekologik çykyşlar diňlenildi we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige işjeň gatnaşyp, bijeli soraglara dogry jogap berenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

2025-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy daşky gurşawy goramak, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ilatyň ekologiýa taýdan bilim derejesini ýokarlandyrmak we ýaşlaryň arasynda ekologiýa jogapkärçiligini ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok