77-lik awtobusyň ugry üýtgedildi!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap 18-nji “Parahat 7 – Howa menzili” we 77-nji “Teke bazar – Awtokombinat” ugurlaryna üýtgeşme girizilip, Hoja Ahmet ýasawy köçesiniň ugry bilen hereket edip, Amyderýa köçesine günorta tarapa öwrülip “Jahan döredijilik merkezine” baryp, şol ýoluň ugry bilen Alma-ata köçesiniň ugryna tarap hereketi dowam etdirmek bilen Weli Ahmedow köçesine demirgazyga tarapa ugryny dowam edip, Hoja Ahmet ýasawy köçesi bilen öňki ugry bilen hereketini amala aşyrýandyklaryny dykgatyňyza ýetirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok