Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýyly mynasybetli guralan konsert uly şowhun bilen geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Konsertde Türkmenistanyň artistleriniň wekiliýeti tarapyndan fotosurat sergisi guralyp, oňa gelen hytaýly tomaşaçylar ak mermerli Aşgabat, täze Arkadag şäheri we ýurdumyzyň beýleki gözellikleri bilen gyzyklanma bilen tanyşdylar. Monitorda bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan gazanan üstünlikleri görkezildi.
Konsert folklor-etnografik «Dehistan» toparynyň çykyşlary bilen başlandy. Tomaşaçylar türkmen milli lybaslary, halkymyzyň baý toý däpleri, parahatçylyga ymtylýan halkyň watançylyk we liriki aýdymlary bilen tanyşdylar.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş” atly aýdymynyň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Uýat eýleýir» we «Garlawaç» aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Dutarda we doýrada çykyş eden sazandalar Myrat Aşyrow bilen Sarwar Sabirowyň ýerine ýetiren çykyşlary hem aýratyn ünsi çekdi. Olaryň çykyşlarynda “Şükür bagşy” atly filmden görnüşler görkezildi.
Bibinabat NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler