29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarka hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Çärelere söwda ulgamynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalar gatnaşarlar.
Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde halkara bilermenler bilen geňeşmeler, eksporty ösdürmek, sanly marketing, önümleriň sertifikatlaşdyrylmagyna bildirilýän talaplar boýunça pikir alyşmalar meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde söwda ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, halkara çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Baýram GAÝYPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Gidromelorasiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler