Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmekde gender meseleleriň orny

Türkmenistanda gender deňligi jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde strategik ähmiýete eýedir. Ýurduň Konstitusiýasy we degişli kanunlary esasynda aýallaryň we erkekleriň ähli ugurlarda deň hukuklara we mümkinçiliklere eýe bolmagy kepillendirilýär.

Gender deňligini üpjün etmek, diňe bir jemgyýetiň demokratik ösüşiniň nyşany bolman, eýsem durmuş, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we döwlet dolandyryşy ýaly ugurlarda zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak bilen döwlet ösüşine güýçli itergi berýär.

Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty halkara derejesinde ykrar edilen ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar. 2021–2025-nji ýyllar üçin tassyklanan “Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy” gender syýasatynyň maksatlaryny anyk meýilleşdirýär we durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň zenanlary jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady işleriň dürli ugurlarynda işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokary wezipelerde, bilim we ylym ulgamlarynda, hususy we döwlet kärhanalarynda mynasyp orun eýeleýärler. Zenanlaryň ýolbaşçy orundaky gatnaşygynyň artmagy olaryň jemgyýetdäki ornunyň barha berkemegini görkezýär.

Türkmenistanda eneligi, çagalygy we maşgalany goldamak boýunça degişli kanunçylyk bazasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Göwrelilik döwründäki we çaganyň ilkinji ýyllaryndaky döwlet goldawy zenanlaryň durmuş goraglylygyny üpjün edýär.

Şeýlelikde, gender deňligini gazanmak döwlet ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde garalyp, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen ýurdumyzda durnukly ösüşiň möhüm esaslarynyň biri hökmünde hereket edýär.

Ogulşat DÄDEBAÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň
Magistrleri taýýarlamak okuwynyň
“Döwlet dolandyryşy” ugrunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok