Gaz pudagynyň kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirilýär

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejeli netijeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi. Saparyň möhüm bölekleriniň biri hem dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan duşuşyk boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu duşuşyklar netijesinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň arasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation» hem-de Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» kompaniýalarynyň arasynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawody gurmak boýunça taslamany taýýarlamak, enjamlaşdyrmak we doly işe girizmek boýunça Çarçuwaly ylalaşygy aýratyn bellemek bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda iň täze tehnologiýalara we ylmyň gazananlaryna esaslanýan döwrebap önümçilik desgalary döredilýär. Dünýäde tebigy gazdan sintetik ýangyç öndürmek boýunça ilkinji iri taslama hem biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyryldy. Ahal welaýatyndaky zawodda Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa ECO-93 kysymly benzin öndürilýär.

Täze zawodyň gurluşygy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrar, pudagyň ösüşine itergi berer, Türkmenistanyň halkara energetika ulgamyndaky ornuny berkitmäge ýardam eder we Döwlet býujetine goşmaça girdeji getirer.

Şu günlerde Türkmenistanda ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ýokary hilli we eksport ugruna gönükdirilen önümleriň ylmy taýdan öndürilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden peýdalanmaga, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Oraz AGAMURADOW,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok