Ýurdumyzyň durnukly ösüş strategiýasy

Durnuklylyk – bu ähli ulgamlarda deňlik ýörelgesi bilen hereket etmekdir. Ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamynyň sazlaşykly ösüşi jemgyýetiň geljegi üçin möhüm hasaplanylýar. Durnukly ösüş bolsa, häzirki zaman isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, geljekki nesilleriň hem abadançylygyny üpjün edýän ösüş ýoludyr.

Durnukly ösüş düşünjesi ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler giňden öwrenilip başlandy. 1987-nji ýylda G.H. Brundtland tarapyndan öňe sürlen düşünje häzirki döwürde hem dünýä derejesinde giň goldawa eýe.

Birleşen Milletler Guramasy 2015-nji ýylyň sentýabrynda Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli maksatlaryny kabul etdi. Bu maksatlar 17 ugur boýunça işlenip düzüldi we dünýä ýurtlarynyň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Maksatlar garyplygy aradan aýyrmak, deňligi üpjün etmek, ekologiýany goramak we jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistan bu halkara başlangyçlary doly goldap, durnukly ösüşiň milli görnüşini durmuşa geçirýär. Ýurtda bu ugurda birnäçe möhüm ädimler ädildi:

  • Gysga, orta we uzak möhletli maksatnamalaýyn resminamalar işlenip taýýarlandy;
  • Sanly ykdysadyýeti, telekeçiligi, innowasiýalary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek ugrunda işler alnyp barylýar;
  • Kanun çykaryjylyk işinde Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän täze kanunçylyk namalary kabul edilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary jemgyýetde bu düşünjäni giňden wagyz edýärler. Parlament derejesinde bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Ýurdumyzda 2019-njy ýyldan bäri 50-den gowrak milli maksatnama kabul edildi. Olaryň birnäçesi:

  • Türkmenistanyň seýsmik zolaklarynda howpy peseltmek maksatnamasy;
  • Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýa;
  • Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýa;
  • «Saglyk» döwlet maksatnamasy;
  • Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça strategiýa;
  • Gender deňligi we ýaşlar boýunça maksatnamalar.

Bu ädimler Türkmenistanyň Durnukly ösüş boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini we bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde çykyş edýändigini görkezýär.

Aýna ATAJANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok