2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Kiýew şäherinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni hem-de Magtymguly adyndaky kitaphana muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dabara diplomatik wekiller, ylmy jemgyýetçiligiň agzalary, kitaphana işgärleri, 281-nji mekdebiň okuwçylary hem-de Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň esasy bölegi hökmünde “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy: Beýik ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” atly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda myhmanlara türkmen medeniýetiniň taryhy ösüşi, gadymy medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň ähmiýeti, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly ýerler bilen birlikde beýleki taryhy-medeni ýadygärlikler barada maglumat berildi.
Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Ýuliýa Lopata çykyşynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasynda dowam edýän medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem türkmen tarapynyň kitaphananyň fonduna beren gymmatly, seýrek neşirleri we halkyň baý ruhy mirasyny şöhlelendirýän eserleri üçin minnetdarlyk bildirildi.
Sähra MUHAMEDRÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika
institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler