Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanyň Ž. Balasagyn adyndaky milli uniwersitetinde tegelek stol gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Tegelek stola uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, Türkiýäniň uniwersitetleriniň alymlary hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinde alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty we açyk gapylar syýasaty giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara abraýyny şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi we myhmanlar üçin türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergi guraldy.

Dilara HEMRAKULYÝEWA,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok