Gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawod boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk täze zawod üçin taslama taýýarlamak, enjamlary üpjün etmek hem-de desgany doly gurlup ulanmaga taýýarlamak ýaly işleri öz içine alýar. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu hyzmatdaşlyk ylalaşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.” hem-de Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy.

Şuňa meňzeş zawodyň ilkinji tapgyry Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde guruldy. Bu kärhana ýylda “Euro-5” standartlaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny, 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge ukyplydyr.

Şeýle hem, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.”, “Mitsubishi Corporation” we Türkiýäniň “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret A.Ş.” kompaniýalarynyň arasynda ýene bir Çarçuwaly ylalaşyk baglaşyldy. Bu resminama Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda ýyllyk kuwwatlylygy 1 million 155 müň tonna bolan karbamid zawodynyň taslamasyny düzmegi, enjamlary bilen üpjün etmegi we desgany doly gurup tabşyrmagy göz öňünde tutýar.

Parahat MUHAMMETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok