Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatynyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär.
Sanly ulgamda hereket edýän «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderilere banka barmazdan öz hasaplaşyk hasaplary boýunça galyndylaryny, banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasaplaşyklary geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak boýunça ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde banka ibermek ýaly amatlyklardan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilen.
Bu amallaryň ählisini günüň islendik wagtynda internet ulgamy bar bolan islendik ykjam enjamlar (şahsy kompýuter, planşet, ykjam telefon) arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilen.
Hormatly müşderiler! «Internet-bank» hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800134) 44-0-17; 44-0-21. www.tbbank.gov.tm
Teswirler