Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze sahypasy

2025-nji ýylyň 13 — 15-nji aprel aralygynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine bardy we Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde ýurduň milli pawilýonyny resmi taýdan açdy.

«Gowy geljege ylham bermek» atly şygar bilen açylýan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň özüneçekijiligi aýratyn bellärliklidir. Bu pawilýonyň binagärlik çözgütleri myhmanlary özüniň üýtgeşikligi bilen haýrana goýýar. Ol eko görnüşde guralandyr. Binada türkmen halkynyň taryhy döwürleri, amaly-haşam sungaty we medeni mirasy şöhlelenýär. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň dürli ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn formatda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Bu dialog köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşi bolup durýar. Degişli formatyň çäklerinde oba hojalygy, ulag we maýa goýumlar ýaly ugurlary öz içine alýan sebit derejesindäki birnäçe ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, esasy ugurlara ünsi çekdi. Birinji ugur — syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklar. Ikinji ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdir. Üçünji ugur medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2024-nji ýylda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýapon ýazyjysy Ýasunari Kawabatanyň heýkeli oturdyldy. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw we orta mekdeplerinde ýapon dili öwredilýär.

Saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, taraplar öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar, innowasiýalar, nou-haular ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Tokioda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.  Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Gepleşikleriň netijesinde 15 sany resminama gol çekildi. gol çekilen resminamalar daşky gurşawy goramak, bilim, senagat ugurly önümçilik we suw hojalygy desgalaryny gurmak, salgyt hem-de maýa goýum ýaly hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara erk-islege esaslanýan gatnaşyklar deňhukukly, anyk netijelere gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Taraplar häzirki zaman taryhy şertlerde däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny görkezip, birek-biregiň ykdysady bähbitleriniň hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň deňligine esaslanýan hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze nusgasyny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13 — 15-nji aprel aralygynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran nobatdaky sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Suraý NAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok