Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çopanlar dowarlarynyň 43 müň 406-syndan 39 müň 617 sany owlak-guzy almalydylar. Welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň ählisi meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 119-sy artyk alyndy. Häzirki wagtda welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklary boýunça dowarlaryň sany 122 müň 726-a barabar boldy.
Gazanylan üstünlikde Saýat etrabynyň «Jeýhun», Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen», Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalyklarynyň uly paýy bar. Maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde ene goýunlara we täze doglan owlak-guzulara göwnejaý ideg edilýär.
Ussat maldarlaryň hormaty hem uludan tutulýar. Şeýle ýagdaý maldarçylyk hojalyklarynyň ählisine mahsus bolup durýar. Şonuň netijesinde Halaç etrabynyň «Garagum», Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynda hem owlak-guzy almak möwsümi üstünliklere beslendi.
Teswirler