Düýedarçylyk bilen meşgullanýan adama näme diýilýär?

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan çopançylyk ýörelgeleri döwrebap nusgasynda ösdürilip, ýurdumyzda düýedarçylyk hojalyklarynyň mümkinçilikleri barha giňelýär. Ýurdumyzda halkyň sagdynlygy, azyk howpsuzlygy bilen bagly alnyp barylýan giň gerimli işler döwlet derejesindäki düýpli özgertmeleriň miwesidir. Şu nukdaýnazardan, düýedarçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň — sarwanlaryň ýerine ýetirýän wezipesi aýratyn ähmiýete eýe.

Sarwan — düýe malyna ýörite ideg edýän, onuň iýmitlenmegini, saglygyny, köpelmegini hem-de önümçiligini doly gözegçilikde saklaýan tejribeli çopan diýmekdir. Bu hünär diňe bir zähmet däl, eýsem, sabyrlylygyň, wepalylygyň hem-de tebigata bolan hormatyň nyşanydyr. Sarwançylyk kadalarynyň nesilden-nesle geçirilmegi bilen, düýe maly häzirki döwürde hem halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.

Düýäniň süýdi, çaly, eti we ýüňi ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolup, gadymy döwürlerden bäri dermanlyk häsiýetleri bilen tanalýar. Esasy peýdaly aýratynlygy bolsa onuň süýdüniň bejeriş täsiridir. Häzirki wagtda telekeçilerimiz düýe süýdüni gaýtadan işläp, çaldyr agaran görnüşinde gaplara ýerleýärler, ýörite etiketkalar bilen üpjün edip, bazara ýetirýärler. Munuň özi düýedarçylygyň ykdysady kuwwatyny görkezýän ajaýyp mysallaryň biridir.

Düýe maly gaty duýgur we akylly bolýar. Ýandagy gowy görýär. Şondan bolsa gerek, onuň eti-süýdi dermanlyk häsiýete eýe. Lukman Hekim: “Gapyňda düýe çöküp otursa, dert golaýyňa gelmez” diýipdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2 müň 84 baş düýe saklanylýar, şonuň 1 müň 178-si ene düýelerdir. Bu ýyl diňe bir Sarwanlaryň meýilnamasy boýunça 530 sany köşek almak meýilleşdirilýär we eýýäm ilkinji köşekler dünýä indi.

Garagum sährasynyň giňişliklerinde özboluşly gelşik döredýän arwana düýeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda hem, ykdysadyýetinde hem möhüm orun eýeleýär. Sarwanlaryň yhlasy, düýeleriň ideg derejesi, döwrebap önümçilik usullary bilen utgaşyp, halkymyza rysgal we saglyk getirmäge hyzmat edýär.

Laçyn AKMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň 2-nji yyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok