12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun Konstitusiýamyza, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, maglumat tehnologiýalarynyň howpsuz düzümlerini döretmek, sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmak milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr.
Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda maglumatlary hasaba almak, gaýtadan işlemek we saklamak üçin maglumat ulgamlary döredilýär hem-de olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama — elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.
Teswirler