Şu ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi geçiriler. Bu barada Biznes Türkmenistan saýtynda okap bilersiňiz.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýazmagyna görä, bu sergi dostlukly iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Sergi wagtynda türkmen kärhanalarynyň dürli ugurlar boýunça öndürýän eksport üçin niýetlenen önümleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň taýýarlan harytlary görkeziler.
Şeýle-de, 2024-nji ýylyň awgustynda Eýranda “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi geçirilipdi. Bu sergi hem iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam berýän möhüm çäreleriň biri hökmünde taryha geçipdi.
Güljan SULTANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglar
fakultetiniň talyby.
Teswirler