Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Balkan sement zawodynyň hünärmenleri uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Häzirki zaman enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýän balkanly sementçiler şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda öwgä mynasyp işleri bitirmegi başardylar. Üç aýda bu ýerde ýokary hilli sementiň 236,4 müň tonna golaýy taýýarlanylyp, meýilnama 105,5 göterim ýerine ýetirildi.
Kärhanada hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 114 göterime golaý ýokarlandyrylandygy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Başgaça aýdylanda, kärhana boýunça deňeşdirilýän döwürde ýokary hilli sementiň dürli görnüşleriniň 30 müň tonna golaýy artyk taýýarlanylyp, ýurdumyzyň sebitlerinde iş alyp barýan gurluşykçylara ugradyldy.
Teswirler