Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler buýsandyryjy wakadyr, il-günüň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm görkezijidir. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, döwletimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak möhüm wezipe hökmünde goýuldy. Oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki möhüm strategik ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň döwlet satyn alyş nyrhlary hem ýokarlandyryldy. Bu bolsa ilatyň däne hasylyna bolan islegini doly derejede kanagatlandyrmaga uly mümkinçilik berýär. Bu babatda güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly, oňat hilli, sowuga, gurakçylyga çydamly, ýykylma, zyýankeşlere we kesellere durnukly sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak, onuň tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak boýunça biziň Ylmy-barlag däneçilik institutymyzda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Çünki häzirki ösen döwürde oba hojalyk pudagymyzy ylmy esasda ösdürmek oba hojalyk bilen gyzyklanýan alymlaryň, ylmy işgärleriň we bu ugurda zähmet çekýän her bir hünärmeniň wezipe borjudyr.
Önümçilige ornaşdyrylýan täze sortlaryň dürli toprak-howa şertlerine, geçirilýän agrotehniki çärelere talabynyň birmeňzeş bolmaýandygyny nazara alyp, her bir täze sorty ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny ylmy esasda işläp düzmek we ony önümçilige ornaşdyrmak alynýan däne hasylynyň mukdaryny artdyrmagyň esasy ýollarynyň biridir. Şol nukdaýnazardan hem, her bir täze sorty ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny ylmy esasda işläp düzmek we ony önümçilige ornaşdyrmak boýunça institutymyzda ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Ýokarda bellenenlerden ugur alnyp, bugdaýyň önümçilige täze ornaşdyrylan sortlarynyň ekiş möhletleriniň we kadalarynyň dänäniň hiline edýän täsirini öwrenmek maksady bilen alnyp barylýan ylmy-barlag işi-de munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, dänäniň hilini gowulandyrmakda ýokary hilli, ylmy esasda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Ýurdumyzda önümçilige ornaşdyrylan güýzlük bugdaýyň sortlarynyň ekiş möhletleriniň we kadalarynyň hasyllylyga edýän täsirini öwrenmek geçirilýän ylmy işiň esasy maksadydyr. Önümçilige ornaşdyrylan güýzlük bugdaýyň sortlarynyň dürli ekiş möhletleriniň we kadalarynyň hasyllylyga edýän täsirini ylmy esasda öwrenmek, ýokary netije berýän ekiş möhletini hem-de kadasyny kesgitlemek önümçilik üçin hem möhüm ädimdir.
Geçirilýän ylmy işde bugdaý tohumyny ýeňil, orta we agyr topraklarda degişli çuňlukda ekmeklik, tohumlaryň arkasyna we müň dänäniň agramyna baglylykda harçlanylýan gögerjilikli dänäniň hasabyny kesgitlemeklik öwrenilýär. Tejribe işlerinde ulanylýan bugdaýyň önümçilige täze ornaşdyrylan we geljegi bar bolan sortlarynyň ýokary hasyl berýän, dänäniň hiline oňyn täsir edýän ekiş möhletlerini hem-de kadalaryny kesgitlemek boýunça usulyýetler, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olardan alynýan hasylyň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmak hem-de topragyň gurplylygyny artdyrmak boýunça geçirilýän agrotehniki çäreleriň gerekli mukdary we dogry usullary hem öwrenildi.
Önümçilikde ekilýän bugdaý sortlarynyň gowy hojalyk taýdan gymmatly alamatlaryny, häsiýetlerini, ýokary hasyllylygyny we iýmitlik hilini uzak wagtyň dowamynda saklamak babatdaky işleri ylmy esasda ýokary derejede ýerine ýetirmek dokmaňyz, oňat ekiş hilli ýokary arkaly bugdaýyň tohumyny öndürmek türkmen ylmynyň belent sepgitlere eýe bolmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň binýat bolmagyna, azyk bolçulygynyň berkidilmegine saldamly goşant bolup hyzmat edýär.
Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin giň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, azyk bolçulygynyň berkarar bolmagy üçin edilýän aladalar döwletlilikden nyşandyr, ata Watanymyzyň alyp barýan ynsanperwer ýörelgesiniň özenidir.
Atamyrat AÝAZOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň
bölüm müdiri.
Teswirler