Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, syýasy, medeni ösüşi il-halkyň bagtyýar durmuşy, abadançylygy, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi, nesilleriň sagdynlygy, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet syýasaty esasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen birlikde saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän milli maksatnamalar, toplumlaýyn saglyk özgertmeleri üstünlikli ýeňişlere eýe bolýar. Diýarymyzda ylymly-bilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenen. Munuň özi merdana halkymyzyň asyrlardan bäri mynasyp dowam etdirilip gelinýän milli däplerimiziň täzeçe röwüşde alnyp barylýandygyny şöhlelendirýär. Ähli sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri yzygiderli gurulýar, döwrebap sport düzümleri döredilýär, gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, şäherdir-obalarymyzda kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar halkymyzyň hyzmatynda.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dost-doganlygyň we parahatçylygyň, sportuň, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň dabaralanmasyny, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan Bütindünýä saglyk güni eziz Diýarymyzda giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketleriniň, sagdyn durmuş çygryndaky çäreleriň geçirilmegi Garaşsyz türkmen döwletimiziň tutuş dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki belent abraýyny has-da artdyrýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde badalga alýan Bütindünýä saglyk gününiň şanyna täsirli çäreleriň guralmagy, welosipedli ýörişleriň, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi beýiklikden nyşandyr, ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsanjyň soňsuz sazlaşygydyr.
Türkmenistan ýurdumyz ilkinji nobatda sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirip, umumadamzat bähbitli ynsanperwer döwlet syýasatynyň dabaralanmagyna saldamly goşant goşýar, sport, saglygy goraýyş ulgamyndaky dünýä bileleşigi, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle-de ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem agzasydyr. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatlarynda ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýan türkmen türgenlerimiz bu ugurda alnyp barylýan uly zähmet üstünlikleriniň özboluşly miwesidir. Sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaç alýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň mundan beýläk hem şöhratlanjakdygyna ynamymyz diýseň uludyr.
Pursatdan peýdalanyp, ähli watandaşlarymyzy sport, sagdyn durmuş, ynsanperwerlik däplerini dabaralandyrýan, halkara derejesinde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe ilerletjekdigi ikuçsuzdyr.
Gözel SERDAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we
edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we
edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler