Global logistika ulgamyny sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary

“Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar”.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow:

 “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem ulag-logistika babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrmak prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ulag – kommunikasiýa giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşuluşmagyna güýçli itergi berýär.

“Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini we hukuk bilen baglaşylan geleşikleriň maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Konsepsiýanyň ýedi babynda hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär. Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. “Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny” we söwda, ulag, logistika hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2022-2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýany durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, ulag – kommunikasiýa we logistika ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Şeýlelik bilen, sanly ykdysadyýet ulgamy tapgyrlaýyn esasynda milli we halkara derejesinde ulag we logistika pudagynda sanly hyzmatlary ornaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Bu, sanly logistika pudagynda ylmy seljermesiniň wajyplygyny kesgitleýär.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasy öz gözbaşyny gadymyýetden – Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýar. Türkmenistan bu gün Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar. Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar hem-de TRACEKA halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle-de Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy.

Şu nukdaýnazaryndan ugur alyp, ulag kärhanalaryny dolandyrmak, şeýle hem sanly ulag we logistika hyzmatlarynyň ösüşiniň derňewine konsepsiýalarynyň tutýan ornuny G.L. Brodetskiý, E.W. Budrinoý, I.W. Karapetyants, P.W. Kurenkowa, W.W. Lapidusa, L.B. Mirotina, D.T. Nowikowa, W.A. Persianowa, Yu.A. Şerbaninawe we başga-da birnäçe alym ykdysatçylaryň alan çemeleşmelerine esaslandylar.

Ykdysadyýeti we logistikany maglumat tehnologiýa we sanlaşdyrmak meselelerini öwrenmäge A.W.Babkina, A.N. Bryntsewa, G.V. Bubnowa, I.A. Maksimtsewa, W.F. Minakowa, G.Yu. Silkina, W.W. Trofimowa we başgalar öz ylmy işlerinde uly üns berdiler.

Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary uly ösüşlere eýe bolýar. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan maglumat tehnologiýalary häzirki wagtda özüniň oňaýly netijeleri bilen tapawutlanýar. Biziň ýurdumyzda hem şol tehnologiýalardan baş alyp çykjak hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynda şol ugur boýunça, ýagny “Sanly dolandyryş” hünäri boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.

“Sanly dolandyryş” ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak matematika we ykdysady bilimiň kompýuter-maglumat usullaryny we tehnologiýalaryny düýpli öwrenmek bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Ykdysady-matematiki usullaryna hünär taýdan eýe bolmak endikleri ýaş hünärmenlere önümçilik hojalyk, maliýe, söwda işleriniň dürli ugurlarynda çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge zerur bolan goşandy goşmaga mümkinçilik berer.

Ogulşat DÄDEBAÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň
Magistrleri taýýarlamak okuwynyň 
Döwlet dolandyryşy” ugrunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok