«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üçünji sanyny okyjylara ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda mart aýyndaky şanly seneler görkezilýär. «Nowruz ― parahatçylygyň we dostlugyň baýramy» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, Milli bahar baýramyna bagyşlanýar. Neşiriň täze sanynda «Talyp gözeli» we «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikleriň netijeleri «Görküni bahardan alan gözeller» diýlip atlandyrylypdyr.

«Çagalaryň saglygy ― bagtyýar geljege binýat» atly makalada, Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara kömek berýän haýyr-sahawat gaznasynyň işlerinden söz açylýar. «At münmegiň saglyga peýdasy» atly makala hem täze sanyň möhüm ýeri bolupdyr. Şol sahypalarda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eserindäki pelsepewi pikirler beýan edilýär. Magtymguly Pyragy baradaky makalalar hem dowam etdirilýär, şolaryň biri «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň paýhas mekdebi» diýlip atlandyrylypdyr.

Žurnalda, türkmen edebiýatynyň meşhur wekilleriniň goşgulary hem, çeper edebiýatyň başga görnüşleri hem orun alýar. Ýaş nakgaş Myratmergen Kulyýewiň eneleriň keşbiniň tutýan ornuna bagyşlanan makalasy özüne çekiji bolupdyr. Neşiriň soňky sahypalarynda aprel aýynyň täleýnamasy we bahar oýlanmalary hem ýerleşdirilipdir.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Farmakologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok