Magtymguly Pyragy: «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýip bellese, Gündogar akyldarlarynyň ýene biri haýyrly, ýagşy işleri etmegiň halkyň hormatyna eltýän iň ýakyn ýoldugyny nygtaýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan dört ýyl ozal — 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň öz gazanjyndan ilkinji bolup bu gazna serişde goýmagy, gazna tarapyndan maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ynsanperwerligiň beýik nusgasydyr.
Gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň bolmagy ýurdumyzda her bir işde ýaşuly nesliň maslahatlaryna eýerilýändiginiň beýanydyr. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa gaznanyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydyr. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi, bu abraýly sylag bilen saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň sylaglanmagy ulus-iliň goldawyna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat hem guraldy. 2025-nji ýylyň 29-njy martynda bolsa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi.
Ýakynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklary geçirip, onda ynsanperwer maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna garaldy. Ýokary derejeli wekilleriň gaznanyň alyp barýan işleriniň asylly ynsanperwer ýörelgelere eýerýändigini buýsanç bilen bellemekleri türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryna berlen mynasyp bahadyr.
Ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimiz haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerinde, kabul eden ynsanperwer çözgütlerinde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dört ýylyň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini bellemek gerek.
Mähri KERIMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymary we ösüş uniwersitetiniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler