Sarahs etrabynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçirildi

Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän saglyk aýy mynasybetli, Sarahs etrap sport mekdebinde sport çäreleriniň giň toplumy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty, aýratyn hem ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen guralan bu çäre uly ruhubelentlikde geçdi.

Çäräniň çäklerinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Woleýbol, futbol, milli göreş, erkin göreş we küşt boýunça geçirilen bäsleşiklerde etrabyň dürli ýaşaýjylary, mekdep okuwçylary we türgenleri gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini synagdan geçirdiler. Ýaryşlar ýokary guramaçylyk derejesinde guralyp, geçirilen ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenler we toparlar jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Şeýle hem geçirilen şeýle çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, ýaş nesli sporta çekmekde we olaryň beden hem-de ruhy taýdan kämilleşmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimize türkmen türgenlerine döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Jumamyrat BERDINÝAZOW,

Sarahs etrap sport mekdebiniň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok