2024-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen halkara forum (TEIF 2025) geçirilýär. Çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we geljegi uly maýadarlary bilen özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagydyr. Forumda milli ykdysadyýetiň esasy ugurlary bolan energetika, senagat önümçiligi, ulag-logistika, oba hojalyk we maglumat tehnologiýalary ugurlaryndaky geljegi uly taslamalar tanyşdyrylar.
Gatnaşyjylar, forum çäklerinde ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlyk şertlerini maslahatlaşyp, ylalaşyklara gol çekmek mümkinçiligine eýe bolar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu forumy guraýjy hökmünde, türkmen kärhanalary bilen daşary ýurtly işewür düzümleriň arasynda göni gepleşikler üçin amatly meýdança döretmäge çuňňur taýýarlyk görýär. “TEIF 2025” forumy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň global giňişlikde eýeleýän ornuny has-da berkitmäge we täze işewürlik gatnaşyklaryň esasyny goýmaga ýardam etmegi maksat edinýär.
Bu forumyň soňky gezek 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirildi.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Farmakologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.
Teswirler