Bütindünýä daşky gurşawy güni mynasybetli halkara maslahat geçiriler

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda — Bütindünýä daşky gurşawy güni mynasybetli, “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň ekologik taraplary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC 2025) geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu çäre ýurdumyzyň global ekologik dialog syýasatyny üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem bu forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitinde hem-de “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly Halkara klimat forumynda eden çykyşlarynyň oňyn dowamy hökmünde kabul edilýär.

Forumda çykyş eden hormatly Prezidentimiz, klimat bilen baglanyşykly meseleleriň “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” hyzmatdaşlygynda hemişe ileri tutulýandygyny belläp, sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ol geljekki möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin anyk we üýtgemez şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Aşgabatda geçiriljek TESC 2025 maslahaty, uglewodorod pudagynda durnukly ösüşe ýardam bermek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin möhüm halkara meýdança bolar. Türkmenistanyň döwlet kärhanalary “Türkmengaz” we “Türkmennebit” tarapyndan guralýan bu forum energiýa pudagynda ekologiýa taýdan jogapkärçilikli çemeleşmeleri öňe sürmäge gönükdirilendir.

Maslahata BMG, ÝHHG, Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Aziýanyň Ösüş Banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF), Halkara energetika agentligi, hem-de Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly abraýly guramalar hem gatnaşar. Bu bolsa forumyň bütindünýä durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýändiginiň beýanydyr.

Aýjahan KADYROWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Farmakologiýa kafedrasynyñ öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok