Türkmenistan Bakuda geçiriljek sergä gatnaşar

Türkmenistan 29-30-njy aprel aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriljek “Made in Turan” atly halkara sergä gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

Bu halkara forumda Türkmenistanyň dokma pudagynyň wekilleri bilen bir hatarda, Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Gyrgyzystan, Russiýa, Pakistan, Hindistan, Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Wengriýa we Ýaponiýadan gelen hünärmenler, dizaýnerler we işewürler hem çykyş ederler. Forum dokma senagatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, işewürler arasynda gatnaşyklary giňeltmäge we geljegi uly taslamalary öňe sürmäge gönükdiriler.

Serginiň dowamynda öňdebaryjy hünärmenleriň çykyşlary, dokma önümleriniň sergileri, ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewür gepleşikler, “tegelek stol” maslahatlar we degişli ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Şeýle hem gatnaşyjylar Azerbaýjanyň dokma senagatyndaky tejribeleri bilen tanyşmak maksady bilen ýörite işewürlik gezelenjine gatnaşyp bilerler.

“Made in Turan” halkara sergisi türki dilli döwletleriň “Made in Turan” haryt nyşany bilen öndürýän önümlerini we hyzmatlaryny dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen başlangyç bolup durýar. Bu çäre bilelikde halkara bazarlarda çykyş etmek, önümler bilen hyzmatlaryň tanalmagyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksadyny göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, sergi Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirýän möhüm meýdança bolup çykyş eder.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok