Gülki — saglygyň açary

Gülki — bu diňe bir ýüzüňde döreýän mimiki hereket bolman, eýsem adamyň ruhy, psihiki we fiziki saglygyny gowulandyrýan tebigy güýji bolan duýgudyr. Adamzat taryhynyň ähli döwründe gülki adamlary birleşdirip, kyn döwrüň hem ýeňil geçmegine ýardam beripdir. Şeýle hem, gülki adamyň ruhy deňagramlylygyny saklamagynda we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm rol oýnaýar.

Psihologlaryň we lukmanlaryň pikirine görä, gülki stres derejesini peseldýär, ýürek-damar ulgamyny kadalaşdyrýar we immuniteti güýçlendirýär. Gülýän wagtymyz bedenimiz endorfin, ýagny “bagt gormony” diýlip atlandyrylýan biologiki maddany öndürýär. Bu bolsa adamda rahatlyk duýgusyny döredýär we agyry duýgusyny azaltmaga kömek edýär.

Birnäçe ylmy barlaglara görä, günde birnäçe minut ýürekden gülýän adamlar ýürek kesellerine we depressiýa uçramaga has az duş gelýärler. Şonuň üçin gülki saglygyň aýrylmaz bölegi hökmünde hasaplanýar. Ruhy taýdan özüni ýaramaz duýýan adamlar üçin gülki bir görnüşli “ruhy derman” bolup hyzmat edýär. Gülki adamyň içki duýgularyny ýeňilleşdirýär, gynanç we alada ýaly agyr duýgulary ýeňilleşdirip bilýär. Köp halatda durmuşda duçar bolýan kynçylyklar we stres ýagdaýlary gülki arkaly ýeňil duýlup bilner.

Iş ýerinde ýa-da bilim edaralarynda gülki bilen bezeýän ýagdaýlar ruhy howanyň gowulaşmagyna, gatnaşyklaryň has açyk we ynamly bolmagyna getirýär. Bu bolsa toparlaýyn işleriň netijeliligini artdyrýar.

Gülki adamlary birleşdirýär. Ol jemgyýetçilik gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär: iki adam arasynda gatnaşyklary ýumşadýar, ynamy döretmäge kömek edýär we gatnaşykdaky barlyk päsgelçilikleri ýeňilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, gülki diňe bir şahsy gatnaşyklarda däl, eýsem jemgyýetde-de pozitiw energiýany ýaýradyp bilýär.

Köp ýurtlarda gülki bilen baglanyşykly çäreleriň — komediýa çykyşlarynyň, gülküli teatrlaryň we hatda “Gülki terapiýasy” ýaly täzeçe lukmançylyk usullarynyň giňden ýaýramagy, gülkiniň jemgyýetçilik ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.

Gülki — adamyň iň täsirli we tebigy duýgularynyň biri. Ol saglygyňy goraýar, ruhuňy rahatlandyrýar we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalaşdyrýar. Şonuň üçin hem gündelik durmuşda gülmäge we başga-da gülki sowgat bermäge wagt tapmak adamzat üçin uly gymmatlyga öwrülýär. Bir pursatlyk gülki, belki-de bütin günüňizi ýagtyldyp biler. Şonuň üçin gülüň, başgalary hem güldüriň! Sebäbi, gülki – bu dünýäni ýagty we mylaýym edýän güýçleriň biridir.

Jennet ILAMANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok