Häzirki zaman jemgyýetinde ekologiýanyň saglygymyza edýän täsiri günsaýyn artýar. Tebigatyň durnukly ýagdaýda bolmagy diňe bir ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin däl, eýsem ynsan saglygy üçin hem örän möhümdir. Howanyň hapalanmagy, suw çeşmeleriniň zäherlenmegi, we topragyň himiki serişdeler bilen zaýalanmagy dürli keselleriň döremegine we adamlaryň immun ulgamynyň gowşamagyna getirýär.
Howanyň hapalanmagy häzirki wagtda ekologiýanyň möhüm meseleleriniň biridir. Zawodlardan çykýan gazlar, awtoulaglaryň goýberýän zäherli maddalary howanyň hilini peseldýär. Netijede, adamlar dem alyş ýollarynyň kesellerine, allergiýalara, hatda rak kesellerine sezewar bolýar.
Suwuň arassa bolmazlygy hem örän howpludyr. Ýene-de himiki serişdeler bilen zäherlenen suw adam bedeninde dürli ýokanç keselleri döredip bilýär. Bu bolsa saglyk ulgamyna agram salýar we ilatyň ýaşaýyş hilini peseldýär.
Ekologiki durnuklylygy üpjün etmek üçin her bir adam tebigata aýratyn hormat bilen garamalydyr. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, agaç ekmek, energiýa tygşytly peýdalanmak ýaly hereketler ekologiýanyň gowulaşmagyna goşant bolup biler.
Ekologiýa bilen ynsan saglygynyň birek-birege berk baglydygyny nygtamak gerek. Tebigaty goramak saglygymyzy goramakdyr!
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyñ mugallymy.
Teswirler