Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde täze sahypany açýan möhüm waka – «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum paýtagt Aşgabatda üstünlikli geçirildi. Forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen döwlet we hökümet ýolbaşçylaryny, abraýly halkara maliýe institutlarynyň wekillerini, iri işewür toparlaryny hem-de bilermenleri bir ýere jemledi.
Forumyň maksady – Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, daşary ýurtly maýadarlary ýurduň dürli pudaklaryna maýa goýmaga höweslendirmek we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak boldy. Şeýle hem, ol ykdysadyýetde döwrebaplaşdyrma, innowasion ösüş we durnukly hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda pikir alyşmalara giň mümkinçilik döretdi.
Forumyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary ýurdumyzdaky ykdysady ösüşiň esasy ugurlary, maýa goýum syýasaty, telekeçilige döredilýän ýeňillikler we döwlet tarapyndan hödürlenýän goldaw çäreleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem forumda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän ykdysady özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we bu syýasatyň netijesinde ýurduň dünýä bazarlarynda ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýandygy aýratyn nygtaldy.
Forumda çykyş eden daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyny, syýasy howpsuzlygyny we halkara hyzmatdaşlyga bolan açyk garaýşyny ýokary baha berdiler. Köp sanly wekiller Türkmenistanda öňden bäri alnyp barylýan taslamalara gatnaşýandyklaryny we täze mümkinçiliklere hem uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Forumyň çäklerinde birnäçe möhüm hyzmatdaşlyk şertnamalaryna, özara düşünişmek Ähtnamalaryna we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar esasynda geljekki ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurt maýalarynyň has-da artmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna garaşylýar.
Forum diňe bir ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny hem görkezdi. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, deňhukukly, özara hormat goýulýan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler forumyň dowamynda hem aýdyň ýüze çykdy.
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy ýurduň ykdysady ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýandygyny, halkara hyzmatdaşlygyň giňelýändigini we daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyza bolan ynamynyň artýandygyny subut etdi. Gelejekde şeýle forumlaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze güýç, täze mümkinçilikler we halkara hyzmatdaşlarynda täze sahypalary açar diýip garaşylýar.
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler