M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde görnükli sazanda Pürli Saryýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly konsert geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmen halk saz gurallary orkestriniň esaslandyryjylarynyň biri, meşhur dutarçy we kompozitor Sary bagşynyň ogly Pürli Saryýew diňe bir zehinli sazanda bolman, eýsem, ýaş sazandalary terbiýelemek işine hem ömrüni bagyş eden halypa bolupdyr. Ol dutar çalmakda ussatlyga ymtylýan ýaşlara öz tejribesini we bilimini sabyrlylyk bilen ýetirmäge çalşypdyr.
Mälim bolşy ýaly, dutarçy halypalyk däbi – saz sungatynyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirmegiň gadymy ýoludyr. Bu ýörelge diňe bir saz çalmak bilen çäklenmän, eýsem, milli sungatyň aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna we döredijilik ýörelgelerine çuňňur düşünmegi hem talap edýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni mirasy bölümi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bu konsert türkmen halk saz sungatynyň dowamlylygyny we baýlygyny aýdyň ýüze çykardy.
Konsertde milli saz mirasynyň dürdäne nusgalary bolup durýan dutar we gyjak sazlary ýerine ýetirildi. Okuw mekdebiniň okuwçylary, konserwatoriýanyň talyplary hem-de mugallymlary Pürli Saryýewiň «Lälezar bolar», «Şatlyk», «Türkmenistanym» ýaly öçmejek eserlerini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de türkmen halk sazlarynyň altyn gaznasyna girýän birnäçe beýik sazlar konsertde diňleýjilere ýetirilip, uly ruhy täsir galdyrdy.
Bagşyçylyk we halk döredijiligi türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, nesilden-nesle geçýän ruhy miras hökmünde ýaş sazandalaryň döredijiliginde ýaşamagyny dowam etdirýär. Şonuň üçin hem halypalyk diňe bir bilim bermek däl-de, eýsem, ýokary ussatlygyň hem-de milli mirasyň şägirtlere geçirilmeginiň mukaddes ýoly hasaplanýar.
Merjen BAÝRAMOWA,
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow
adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň talyby.
Teswirler