Däbe öwrülen ähmiýetli dabara

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagynda dünýä ülňülerine gabat gelýän iň täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrlyp, ösüşler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzda her ýylyň dowamynda pagta we bugdaý ekişine, pagta ýygymyna we bugdaý oragyna badalga bermek bilen baglanyşykly ählihalk medeni köpçülik çäreleri geçirilýär. Şeýle medeni çäreleriň köpçülikleýin geçirilmegi uly many-mazmuna eýe.

Şu ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. Gowaça ekişine badalga bermek bilen baglanyşykly medeni çäreler her bir welaýatyň çäginde bellenilen etraplarda geçirildi. Gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, sergiler guraldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň il sylagly ýaşuly nesilleri ak pata bermek bilen gowaça ekişine başladylar. Bu möhüm ekerançylyk möwsümine ýurdumyzyň ekerançylary hem ýakyndan gatnaşdylar.

Gowaça – biziň ýurdumyzyň iň gymmatly ekini. Gowaça – türkmeniň ak altyny. Gowaça milli baýlygymyz bolmak bilen, rysgal – bereketiň, döwletliligiň, aklygyň, päkligiň nyşany hökmünde döwlet tugramyzda orun alandyr. Türkmenistan Watanymyzda oba hojalygynyň pagtaçylyk ugruny ösdürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Pagtanyň ýokary hilli, tiz ýetişýän, kesellere we zyýankeş mör-möjeklere durnukly, ýokary hasylly sortlary döredilýär. Çünki pagtadan alynýan önümler diňe biziň öz döwletimizde däl, eýsem birnäçe daşary döwletlerde uly isleg bilen satyn alynýar.

Pagta ekilişine badalga bermek bilen baglanyşykly köpçülikleýin  medeni çärelerde döwrebap enjamlaşdyrlan tehnikalardan peýdalanyldy. Bu çäre ýylyň ýylna ýylyň dowamynda möwsümlere görä her bir welaýatyň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly geçirilýär.  Sergilerde pagtanyň ýokary hilli sortlary barada söz açýan gäpler goýuldy. Şeýle uly medeni köpçülikleýin çäreleriniň geçirilmegi ilkinji nobatda türkmen halkynyň agzybirligini görkezýär. Galyberse-de ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny dünýä ýüzüne ýaýmakda mümkinçilik döredýär.

Şu ajaýyp pursatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsun aýdýaryn! Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Mähri ÖWEZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok