Çagalaryň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işler üstünlikli dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, her bir raýatyň, aýratyn-da çagalaryň saglygyny goramak, ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şeýle möhüm we ynsanperwer işleriň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn orun eýeleýär. Bu gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglyk ýagdaýy boýunça bejergä mätäç bolan çagalara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenildi.

Has takygy, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna birnäçe çaga üçin dürli bejeriş we saglygy dikeldiş çäreleri ýerine ýetirildi. Şolaryň hatarynda:

— Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy Mähriban Hallyýewa, şeýle-de şäheriň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Ahal welaýatynyň 5 ýaşly ýaşaýjysy Süleýmangeldi Hudaýberdiýew üçin ortopediki-hirurgik operasiýalar geçirildi;

— Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Ahal welaýatynyň 13 ýaşly ýaşaýjysy Dawutmyrat Halykmyradowa ortopediki-hirurgik, 7 aýlyk Alymät Geldimedowa neýrohirurgik we 1 ýaş 3 aýly Öwez Azadowa hirurgik operasiýalar ýerine ýetirildi;

— Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynda 3 ýaşly Döwletmyrat Döwletmyradowa hirurgik operasiýa geçirildi;

— Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde 15 ýaşly Maksat Maşaripowa neýrohirurgik, 9 ýaşly Şazada Guladowa bolsa hirurgik bejergi berildi;

— Daşoguz welaýatynyň degişli saglygy goraýyş merkezinde 5 ýaşly Medet Kojaşew we 9 ýaşly Eldar Dädebaýew ýaly çagalara hirurgik çäreler geçirildi;

— Lebap welaýatynda 11 ýaşly Kerwen Ahmedowa we 10 ýaşly Nuraly Derýaýew üçin degişli hirurgiki çäreler ýerine ýetirildi;

— Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda 7 ýaşly Orazsähet Poladowa, 6 ýaşly Bezirgen Begençmyradowa we 7 ýaşly Şirin Şöhradowa degişli hirurgik bejergiler geçirildi.

Ýerli saglygy goraýyş edaralaryna sowgat berlen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň kömegi bilen bejergi alan çagalaryň ene-atalary öz perzentleriniň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärler.

Bellenilişi ýaly, bu haýyr-sahawat gaznasy döredilen ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň dürli saglygy goraýyş merkezlerinde 500-den gowrak operasiýanyň geçirilmegine mümkinçilik döretdi.

Howandarlyk bilen sagdyn gelejege tarap edilýän bu ädimler ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup, ýaş nesliň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr.

Mähri ANNABERDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok