Türkmenistanda 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe, sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleriň giň toplumy başlandy. Bu çäreleriň çäklerinde talyplaryň gatnaşmagynda woleýbol, futzal, basketbol we stol tennisi boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Talyplar sporty milli federasiýasy tarapyndan guralan talyp oýunlarynyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi.
Şol bir wagtda, 7-nji aprelde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli çäreler meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň hatarynda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de türgenleriň gatnaşmagynda forumlar, ylmy we medeni duşuşyklar, şeýle hem welosiped ýaryşlary we sport çäreleri bar. Bu çäreleriň hemmesi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksadyna gönükdirilendir.
Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler