Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri galyndylary dolandyrmagyň ýörelgelerini tamamlap düzmek bilen baglanyşykly iş duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taýýarlanyşy we olaryň mazmuny giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyk, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMGÖM tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly taslamanyň çäginde gurnaldy.
Duşuşykda galyndylaryň görnüşlerini kesgitlemek we olary howp derejesine görä toparlara bölmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Howp derejesi – galyndylaryň daşky gurşawa, adam saglygyna we ömrüne ýetirip biljek zyýanlarynyň derejesini görkezýän ölçegdir. Galyndynyň haýsy topara degişli bolandygyny anyklamak üçin birnäçe çäreleriň geçirilmegi zerurdyr:
– howply galyndylaryň emele gelýän, saklanýan we ýerleşdirilen ýerleriniň anyk hasaba alynmagy, himiki derňew üçin nusgalaryň ýygnalmagy, degişli ygtyýarlyklara eýe barlaghanalaryň kömegi bilen galyndylaryň düzüminde himiki analizleriň geçirilmegi we bu analizleriň netijeleriniň resmi barlaghana teswirnamalarynda görkezilmegi talap edilýär.
Maslahatlaşygyň dowamynda Türkmenistanda galyndylary netijeli dolandyrmaga gönükdirilen we ýurduň «ýaşyl» geljegine itergi berjek täze ulgam döretmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler