Türkmenistan we Moldowa işewürlik hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew Moldowanyň paýtagty Kişinewde bu ýurduň Söwda-senagat palatasynyň (SSP) ýolbaşçylary – prezident Sergeý Harýa we wise-prezident Mihaý Bylba bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy maglumat berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň hem-de Moldowanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Moldowa mineral dökünleri, nebit hem-de dokma önümlerini eksport edýändigi, Moldowanyň bolsa derman serişdeleri, himiýa önümleri we azyk harytlaryny iberýändigi bellenildi.
Moldowanyň Söwda-senagat palatasy özara söwdanyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Duşuşykda ulag we logistika ugurlary aýratyn üns merkezinde boldy. Ilçi Toýly Ataýew Türkmenistanyň halkara logistika merkezi hökmünde eýeleýän möhüm ornuna, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we täze üstaşyr geçelgelere aýratyn üns çekdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän “Hazar deňzi – Gara deňzi” geçelgesi uly mümkinçiliklere eýe taslama hökmünde görkezildi.

Taraplar söwda, işewürlik we maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Duşuşygyň jeminde türkmen tarapy moldowa wekillerini Türkmenistanda geçiriljek çärelerde, şol sanda maý aýynda Aşgabatda guraljak milli haly sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Aýnur BAÝRAMOWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok