Sowuklama keseline garşy göreşler

Sowuklama keseli aýratyn-da güýz we gyş aýlarynda köp duş gelýän keselleriň biridir. Bu kesel adatça sowuk howanyň täsirinden ýa-da wiruslaryň ýaýramagy netijesinde ýüze çykýar. Adamyň immun ulgamynyň gowşamagy, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi sowuklama keseliniň ýaýramagyna şert döredýär. Şonuň üçin hem bu kesele garşy göreşmekde öňüni alyş çäreleri örän möhümdir.

Sowuklama keseline garşy göreşiň ilkinji we esasy usuly — immuniteti güýçlendirmekdir. Sagdyn we deňagramly iýmitlenmek, witaminlere baý miwelere köp orun berilmegi bedeniň goranyş ukybyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de, yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek hem kesellerden goranmagyň täsirli usullarydyr.

Arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi hem keseliň öňüni alýar. Eliňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak, adamlaryň köp ýygnanan ýerlerinden gaça durmak ýaly ýönekeý endikler örän netijelidir. Şeýle hem öý otaglaryny ýygy-ýygydan şemallatmak we howanyň çalşygyny üpjün etmek wajypdyr.

Sowuklama alamatlary ýüze çykanda özüňi öýde saklamak, wagtynda lukmana ýüz tutmak we özbaşdak derman ulanmakdan gaça durmak hem möhüm ädimdir. Kesel diňe bir adamyň özüni däl, eýsem, onuň töweregindäki adamlary hem howp astyna goýup biler.

Şamämmet GARAJAÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýenasy kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok