Şahsy gigiýena — saglygymyzyň goragy

Şahsy gigiýena – bu adamyň öz bedeniniň arassalygyny saklamak üçin ýerine ýetirýän düzgünleriniň we endikleriniň toplumydyr. Şahsy gigiýena sagdynlygyň we kesel öňüni almagyň iň möhüm şertleriniň biridir. Arassaçylyk düzgünlerine eýermek arkaly adam organizmini zyýanly mikroblardan, ýokanç kesellerden we dürli deri kesellerinden goraýar.

Şahsy gigiýenanyň esasy düzgünleriniň hataryna elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak, dişleri arassa saklamak, hammama yzygiderli girip durmak, eşikleriň we aýakgaplaryň arassa bolmagyna üns bermek, saçlary, tirnekleri tertipde saklamak girýär. Esasan hem iýmitden öň, hajathana girenden soň, köçeden geleniňde elleri ýuwmak örän möhümdir. Sebäbi eller arkaly mikroblar aňsatlyk bilen agza, burna ýa-da göze geçip bilýär. Şeýle hem, sagdyn we tämiz eşik geýmek, aýakgaplary yzygiderli arassalamak hem şahsy gigiýenanyň möhüm taraplarydyr.

Şahsy gigiýenanyň ýerine ýetirilmegi diňe bir adam saglygyna däl, eýsem jemgyýetiň saglygyna hem täsir edýär. Arassaçylyk düzgünlerine eýermek bilen adamlar özleriniň we daş-töweregindäkileriň saglygyny goraýarlar. Şol sebäpli şahsy gigiýena endikleri çagalykdan başlap öwredilmeli we yzygiderli ýerine ýetirilmelidir.

Şeýle hem, şahsy gigiýena adamyň özüňe bolan hormatynyň bir nyşanydyr. Arassa geýnen, tämiz saklanan adam jemgyýetde gowy täsir galdyrýar we özüni has ynamly duýýar. Şeýlelikde, şahsy gigiýena diňe bir saglyk üçin däl, eýsem adamyň psihologik ýagdaýy üçin hem ähmiýetlidir.

Haltäç ATABAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet Lukmançlyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýena​ kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok