Innowasion tehnologiýalar – täze ösüşiň başlangyjy

Häzirki zaman jemgyýetinde innowasiýon tehnologiýalar ösüşiň möhüm hereketlendirijisine öwrüldi. Bilim, saglygy goraýyş, senagat, ulag, oba hojalygy ýaly dürli ugurlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde işleriň hili ýokarlanýar, netijelilik artýar we täze mümkinçilikler açylýar.
Innowasiýa — bu diňe bir täze tehnologiýa ýa-da enjamlaryň döremegi däl, eýsem, pikirlenmegiň, işleşmegiň täze usullarydyr. Bu tehnologiýalaryň kömegi bilen wagty tygşytlamak, çykdajylary azaltmak we hödürlenýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak mümkin bolýar.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hem innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar, elektron hyzmatlaryň görnüşleri giňeldilýär, ýaş alymlaryň we tehnologlaryň işleri döwlet derejesinde goldanylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze tehnologiýalar bilen işlemek, täze pikirleri döretmek ugrundaky okuwlar ösdürilýär

Sanly ykdysadyýet, emeli intellekt, blokçein, robototehnika ýaly ugurlar häzirki wagtda dünýäde iň çalt ösýän innowasiýalaryň hatarynda durýar. Bu tehnologiýalaryň ýurtlaryň ykdysadyýetine, jemgyýetçilik hyzmatlaryna we durmuş standartlaryna edýän täsiri örän uludyr.

Innowasiýalaryň ösüşinde ýaşlaryň roly aýratyn möhümdir. Olar täze pikirleri bilen jemgyýetiň ösüşine itergi berýärler. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, bilim ulgamynda innowasiýa taýdan öwretmek we olaryň tejribe gazanmagyna şert döretmek häzirki zaman talaby bolup durýar.

Aýna KIÇIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok