Daşky gurşawy goramak – geljegi goramakdyr


Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak bütin adamzadyň öňünde duran iň möhüm wezipeleriň biridir. Tebigaty goramak, ony geljek nesillere arassa, sagdyn ýagdaýda geçirmek diňe bir ekologlaryň däl, eýsem, ähli jemgyýetiň borjudyr. Çünki daşky gurşaw – bu biziň ýaşaýan dünýämiz, ýaşaýşymyzyň çeşmesidir.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Tebigaty goramak boýunça döwlet maksatnamalary, tokaý zolaklarynyň döredilmegi, bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bu ugurdaky işleriň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, suw we howa serişdeleriniň arassa saklanmagy, zibil gaýtadan işlemek ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi tebigata goýulýan hormatyň we jogapkärçiligiň beýanydyr.

Mekdep okuwçylaryndan başlap, dürli ýaşdaky raýatlaryň arasynda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesliň tebigata bolan söýgüsini ösdürýär we olarda ekologik medeniýeti kemala getirýär. Her bir adam daşky gurşawa şahsy taýdan jogapkärçilik bilen çemeleşmeli: zibil taşlamazlyk, tebigaty arassa saklamak, suwy, energiýany tygşytly ulanmak ýaly sadadan başlangyçlar uly netijelere alyp gelýär.

Geljegiň ösüşi ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin daşky gurşawy goramak bilen biz diňe bir bugünki güni däl, eýsem, ertirki nesliň abadançylygyny hem üpjün edýäris. Tebigata bolan söýgüniň her bir ynsanda kemala gelmegi bolsa dünýäniň has ýaşyl, has arassa we ýaşamaga laýyk ýer bolmagyny üpjün eder.

Aýbölek PERDÄÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýenasy kafedarasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok