Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bugün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada ýörite Kararnama kabul etdi.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir. Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşydyr. Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülruh ATABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Teswirler