Anemiýanyň öňüni almak

Anemiýa – bu gan düzümindäki gyzyl gan öýjükleriniň (eritrositleriň) ýa-da gemoglobiniň derejesiniň peselmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Gemoglobin öýjükleriň kislorod bilen üpjün edilmeginde möhüm rol oýnaýar. Onuň azalmagy beden dokumalarynyň kislorod bilen doly üpjün edilmezligine getirýär. Bu bolsa dürli alamatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Anemiýanyň döremegine birnäçe sebäpler täsir edýär. Olaryň arasynda demir ýetmezçiligi, B12 witamininiň ýa-da fol kislotasynyň ýetmezçiligi, dowamly gan ýitirme we dowamly keseller möhüm orun alýar. Şeýle hem genetik taýdan geçýän anemiýa görnüşleri hem bardyr.

Anemiýanyň iň giň ýaýran görnüşi demir ýetmezçilikli anemiýadyr. Bu görnüş bedene ýeterlik mukdarda demiriň siňdirilmezligi ýa-da iýmit arkaly kabul edilmezligi sebäpli ýüze çykýar. Şeýle hem aýallarda dowamly aýbaşy döwründe gan ýitirmek bu görnüşli anemiýanyň döremegine sebäp bolup biler. B12 witamin ýetmezçilikli anemiýa bolsa diňe bir gan düzümine däl, eýsem nerw ulgamyna hem täsir edip bilýär.

Anemiýanyň alamatlary köplenç ýadawlyk, baş aýlanma, dem gysma, ýürek urgusynyň çaltlamagy we deriniň solgunlygy görnüşinde ýüze çykýar. Agyr ýagdaýlarda eliň-aýagyň doňmagy, diliň gyjarmagy we huşdan gitmek ýaly alamatlar hem ýüze çykyp biler. Anemiýany anyklamak üçin lukmançylyk barlaglary geçirilýär.

Demir ýetmezçiligi ýüze çykarylanda demir goşundylary bellenilýär. B12 witamin ýetmezçiliginde bolsa, degişli witamin derman görnüşinde ýa-da inýeksiýa görnüşinde kabul edilýär. Anemiýanyň öňüni almak üçin deňagramly we sagdyn iýmitlenmek möhümdir. Demir, B12 witamini we fol kislotasy bilen baý bolan iýmitleri kadaly kabul etmek bu ýagdaýyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem dowamly gan ýitirmeleriň öňüni almak we wagtynda lukmana ýüz tutmak saglygyň saklanylmagyna ýardam edýär.

Anemiýa giň ýaýran saglyk meselesi bolup, onuň sebäplerini dogry anyklamak we wagtynda bejermek adam saglygyny dikeltmäge hem-de durmuş hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Humaý AMANGELDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok