Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa adam saglygyna gönükdirilen işler üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze saglyk desgalarynyň, sport toplumlarynyň gurulyp ulanmaga berilmegi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini görkezýär. 

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkymyza bagyş edilen köp jiltli ylmy-ensiklopedik «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplar hem sagdynlygyň möhüm çeşmesidir. Bu kitaplarda ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk aýratynlyklary we olar bilen bejergi usullary giňişleýin düşündirilýär. Şeýle gymmatly çeşmeler ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin-de, orta we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde mugallymlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýärler. Gahryman Arkadagymyz: «Belent maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler we ruhy-bedeni taýdan kämillik arkaly ýetmek mümkin» diýip nygtap geçipdi.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň bir bölegi hem arassalykdyr. Bu endik çagalaryň we ýaşlaryň arasynda giňden düşündirilmeli bolup, ilkinji nobatda elleri arassa saklamak ýaly ýönekeý, ýöne möhüm hereketlerden başlanmalydyr. Bu ýerde maşgalada berilýän terbiýäniň ähmiýeti aýratyn bellenilmelidir. Ata-eneler bilen bilelikde alnyp barylýan işler netijeli bolýar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem bu ugurda işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän bedenterbiýe we sport syýasaty ýurdumyzyň bu ugurda hem uly üstünlikleri gazanmagyny üpjün edýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze saglyk we sport desgalary, bilim ojaklary we çagalar baglary halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.

Aýbölek PERDÄÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýenasy kafedrasynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok