«Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda pedagog, «Nusga Consulting» maslahatçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzasy Merdan Ataýewiň çykyş etmeginde «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly duşuşyk geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň «Ýaş Telekeçiler merkezi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi hem-de «Nusga Consulting» guramaçylyk etdiler.

Bu duşuşykda myhman ýaşlary öz hünärine nähili höweslendirmelidigini onuň usullardyr – görnüşlerini, hem-de iş üpjünçiligi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Merdan Ataýew öz zähmet ýoly,  dürli wezipelerde işlän ýerleri, hem-de ýaşlar bilen döreden gurnaklary, olar bilen iş salyşmak barada hem öz çykyşyny talyp ýaşlara görkezdi.

Duşuşygyň soňunda bolsa, Merdan Ataýew özüniň gurnaklarynyň , şonuň guramaçylygynda geçirilen birnäçe bäsleşikdir – çärelerini wideo we fotosuratlar arkaly görkezip düşündirdi.

Duşuşyk jemlenenden soň,  talyplar myhman bilen ýadygärlik surata düşdiler we çykyşy üçin köp sag bolsun aýtdylar.

Kuwwat Ýowbasarow,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok