Penşenbe güni Ýewropa Parlamentinde halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi. Bu barada ýurduň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Maslahata Türkmenistanyň ilçisi, Mejlisiniň wekilleri, Slowakiýanyň Prezidentiniň geňeşçisi, Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem seljeriş merkezleriniň we metbugat serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň esasy mowzugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen we BMG tarapyndan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasaty boldy. Gatnaşanlar şu ýylyň mart aýynda BMG tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamasynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Çykyş edenler bitarap platformalaryň halkara dialogy ilerletmekde we häzirki global gapma-garşylyklaryň öňüni almakda möhüm rol oýnaýandygyny nygtadylar. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edilendigi bellenildi.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler